Türkmenistanyň we Slowakiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Slowakiýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştokyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we giň gerimli ugurlar boýunça ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine hem aýratyn üns berdiler.