Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.
Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy.
Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň, iň pes ösen, kenarýaka ösýän ýurtlaryň we kiçi ada döwletleriniň ýokary wekili Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistan uly jogapkärçilik bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty boýunça zerur taýýarlyk çärelerini amala aşyrdy.
Bu möhüm waka Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak we berkitmek, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandaty berlen ählumumy halkara platforma hökmünde garaýandygyny görkezýär.