Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler wagtyň synagyndan geçen köpugurly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň konstruktiw häsiýetini nygtadylar hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erki netijesinde döwletara dialogynyň häzirki ýokary derejesini bellediler.

Türkmenistan bilen Pakistanyň halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň möhümdigi hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň gurallarynyň ähmiýeti tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem-de ikitaraplaýyn gün tertibiň beýleki möhüm ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.