Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurduň wekiliýeti hökmünde Türkmenistana sapar bilen gelendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi myhmanlardan haýyş etdi.

Bellenilişi ýaly, BAE syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Ýurtlar dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler we bu tejribäni dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn wagtda Emirlikler tarapy bilen Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we Owganystanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda-da bilelikdäki işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE bilen ýola goýlan berk binýatly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň wekillerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.