Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine hem garaldy.