Türkmenistanyň Ilçisiniň Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

photo

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Ilçi P.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet Baştutanyna, şeýle hem mongol halkyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Mongoliýanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi.

Dabaranyň ahyrynda Ilçi P.Durdyýew bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunhýniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda B.Batmunhiýn Ilçini ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.