Hazar deňziniň meseleleri boýunça türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 7-8-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminalar babatynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministriniň Hazar deňzi meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň daşky gurşawy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ikitaraplaýyn we bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.