Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Eýranyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.