Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

photo

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň iberen mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle-de Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Energetika pudagy türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu transmilli taslamalaryň möhüm ähmiýetini hem-de Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de ol 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de Pakistanyň bu waka mynasybetli geçiriljek halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge we bu ugurda tagallalary doly goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.