Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi.
Bu giň möçberli çärä Awstriýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döredilmeginiň 4 ýyllygy bellenilýän bu Gazna Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sagdyn we bagtyýar, watançy, päk ahlakly, merdana ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem her bir çaganyň üns-alada bilen gurşalýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle asylly işler merdana pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýar.