Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Kanadanyň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, rowaçlyk we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunlukda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň çäginde giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunda Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işine uly üns berildi. Kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga we türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi.

Kristofer Dagganyň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň geljegi uly ýurtlary, şol sanda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny, munuň üçin ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» we ählumumy bähbitlere gönükdirilen syýasatynyň amatly şertleri döredýändigini nygtadylar.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.