Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

 Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Monako saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de «Buig» kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, «Buig» kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdigine, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.