Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Estoniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-eston hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribelerini, bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.

Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.