Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-niň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli we daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamasynyň ylalaşyk esasynda kabul edilmegiň ähmiýetini nygtamak bilen, Türkmenistanyň parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekdäki orny barada belläp geçdi.

Nygtalyşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan etmegi Türkmenistanyň sport pudagyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň başlangyjyny öňe sürüji we oňa işjeň gatnaşyjy hökmündäki gazananlaryny, ýurduň dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde halkara sport hereketine goşýan goşandyny ykrar etmekde halkara jemgyýetçiliginiň çemeleşmesiniň yzygiderliligine we kanunalaýyklygyna şaýatlyk edýär.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri Atajan Burunow, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory Hydyr Nunnaýew, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Andreý Hanžin, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara derejeli emin, Halkara derejeli sport ussady Şöhrat Mammedow çykyş etdiler.

Maslahatda edilen çykyşlarda halkara sport hereketine işjeň gatnaşmak, wekilçilikli ýaryşlary guramak we BMG-niň bu ugurdaky möhüm çözgütleriniň kabul edilmeginiň başlangyjyny öňe sürmek bilen, Türkmenistanyň iş ýüzünde olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlydygyny tassyklaýandygy bellenildi. Bu çemeleşme dünýä jemgyýetçiliginiň adalatly goldawyna we hormatyna eýe bolýar.

Maslahata gatnaşyjylar sportuň, has takygy sport diplomatiýasynyň ynamy pugtalandyrmak, adamlary jebisleşdirmek, köpdürlülige düşünmäge we ony kabul etmäge ýardam bermek ýaly özboluşly ukybynyň bardygyny nygtadylar. Şonuň üçin hem bu başlangyç inklýuziwlik we deňlik ýörelgelerini özünde jemleýär, durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» diýen esasgoýujy ýörelgesini şöhlelendirýär.

Maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa tarapyndan jemlendi.