Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny öwrenmek boýunça okuw sapagy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň görnükli pelsepeçisi, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny öwrenmek boýunça okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň baý medeniýeti we taryhy barada bilim çeşmesi bolup durýan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby tanyşdyryldy.

Okuw sapagynyň ahyrynda Gyrgyzystanda surata düşürilen Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada dokumental film görkezildi.

2024-nji ýylyň dowamynda şeýle okuw sapaklary Gyrgyzystanyň beýleki ýöriteleşdirilen uniwersitetlerinde, şeýle hem orta mekdeplerinde ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralar.