Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «Blue Marine Foundation» gaznasynyň arasynda Hazar deňziniň biologik dürlüligine, daşky gurşawy gorap sakalamak we olaryň goralmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň dürli ugurlar boýunça türkmen-britan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.