TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE POLŞANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (bolýan ýeri Baku ş.) Rafal Poborskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

M.Bäşimowa Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we alyp barjak işleriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar, şeýle hem kanun çykaryjylyk pudagynda tejribe alyşmak üçin özara hyzmatdaşlygy döretmek arkaly parlamentara gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegine seredip geçdiler.

Iki ýurduň hukuk binýadyny täzelemegiň we giňeltmegiň maksadalaýyklygy beýan edildi.