img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda  dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.  Ir bi­len paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň müň­ler­çe­si türk­men paý­tag­ty­nyň aja­ýyp kün­je­gin­de - Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň we Jül­ge kö­çe­si­niň ke­siş­ýän ýe­rin­dä­ki aý­la...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatna...

DOWAMY
pic
1 Iýun

DEGIŞLI DOLANDYRYŞ WE YKDYSADY ÖZARA BAGLANYŞYK - ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITL MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň,  y...

DOWAMY
pic
31 Maý

PARLAMENTARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary (PB) Martin Çungong bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Parlamentara Birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan PB-ni dürli döwletler hem-de PB-niň milli parlament wekiliýetleri bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...

DOWAMY
pic
30 Maý

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 30-njy maýynda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly  iki günlük ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Maslahat ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň  başlangyjy bilen gurnaldy. Maslahatyň ilkinji gününde esasy mejlis we iki sany iş sessiýalary geçirildi.  Maslahatyň işine ÝHHG-na agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöri...

DOWAMY
pic
29 Maý

HELSINKIDE TÜRKMENISTANYŇ WE FINLÝANDIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Helsinkide Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Finlýand tarapyna bu ýyrduň Daşary işler ministrliginiň Rossiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň Baş direktory hanym Maimo Henriksson ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda, BMG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaş...

DOWAMY
pic
29 Maý

ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Şweýasariýanyň Egl şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşyuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi bilen gatnaşyklary berkitmegiň meselelerine garaldy. Hususan hem, türkmen tarapy şu ýylyň 3-nji iýunynda ilkinji gezek Welosipediň halkara gününiň bellenilip geçiljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly Ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçi...

DOWAMY