SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan hem-de Hytaýyň Gansu welaýaty hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça depginli ösýändigini nygtadylar. Söhbetdeşler dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýaky...
Туркменистан избран в члены Экономического и Социального Совета ООН
4 июня 2025 года на 75-ом пленарном заседании 79-ой сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединенных Наций Туркменистан был избран членом Экономического и Социального Совета ООН (ЭКОСОС) на 2026-2028 годы. ЭКОСОС является главным органом, отвечающим за координацию экономической и социальной деятельности Организации Объединенных Наций и организаций, входящих в систему ООН. ЭКОСОС занимает центральное место в деятельности системы ООН по продвижению всех трех аспектов устойчивого развития —...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi. Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäkleri...
Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokar...
Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlar...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimu...