SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde Täze ýyl baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere we resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatla...
2018-nji ýylyň çärelereniň maksatnamasy we nyşanlary işlenip taýýarlanyldy
22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu şygar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýu...
Türkmenistan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge taýýarlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, edaralara we guramalara (karz edaralary muňa girmeýär) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek baradaky Karara gol çekdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça utgaşdyryjy topary döretmek hem-de Topar hakynd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýew Döwlet baştutanynyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebitara, dünýä syýasatynyň birnäçe meselelerini ara alyp m...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.
Kosmos tehnologiýalary—Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugry
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler. Bu ser...