SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp...
I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady
Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy. Çäräniň baş maksady—energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda Türkmenistandan we HH...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşy...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen...
The year of 2018: “Turkmenistan is the heart of the Great Silk Road”
It has become a good tradition in Turkmenistan to give a name to each year. Following this tradition, as well as given numerous requests and wishes of the citizens, President Gurbanguly Berdimuhamedov signed the Resolution, according to which the year of 2018 will be held in the country under the motto: “Turkmenistan is the heart of the Great Silk Road”.
Ýaşulular maslahatynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ikinji, jemleýji güni geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi hem-de möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn durm...
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhma...