RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Noý

AŞGABATDA TÜRKMEN-RUSSIÝA YKDYSADY IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda altynjy türkmen-rus ykdysady işewürler maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar. Türkmen tarapyndan bu duşuşyga pudaklaýyn ministrlikleriň we puda...

DOWAMY
pic
22 Noý

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda oňat derejeli gatnaşyklaryň bardygyny kanagatlamak bilen belleýärin hem-de iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki gyzyklanmany aýratyn nygtamak isleýärin. Siziň Alyhezretiňize Kuweýt Döwletine resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygymyzy kab...

DOWAMY
pic
22 Noý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Türkmeni...

DOWAMY
pic
21 Noý

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek we üstünlikli gulluk etmek üçin şertleri döretmek meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Köpetdagyň owadan künjekleriniň birindäki tebigy hem-de taryhy ýadygärlikler we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. ... Ir bilen milli Liderimiziň dikuçary ýurdumyzyň serhet gullugyna degişli Köpetdagyň etegindäki serhet galalarynyň birinden uzakda bolmadyk ýerdäki meýdança gelip gondy. Ýaragly Güýçleriň Bel...

DOWAMY
pic
21 Noý

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINIŇ WE TOKIO DAŞARY ÝURT DILLERI UNUWERSITETINIŇ ARASYNDA TALYP ALYŞ ÇALYŞY HAKYNDAKY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI

2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň prezidenti Hirotaka Tateişi we wise-prezidenti Sukero Ito bilen duşuşyk geçirildi. Ýapon kärdeşleriň ýurdumyza bu sapary ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge gönükdirilendir. Bu duşuşygyň dowamynda türkmen okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň wise-prezidenti Sukero Itonyň okuw sapagy...

DOWAMY
pic
20 Noý

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...

DOWAMY
pic
20 Noý

EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.  Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.  Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...

DOWAMY