RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ TEBIGY BETBAGTÇYLYKLARDAN GORAGLYLYGY – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini  taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady. Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralar...

DOWAMY
pic
27 Apr

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...

DOWAMY
pic
26 Apr

AŞGABATDA HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ VIII MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada...

DOWAMY
pic
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar...

DOWAMY
pic
25 Apr

ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR

Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy.  Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...

DOWAMY
pic
24 Apr

BERLINDE “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGI AÇYLDY

Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul e...

DOWAMY