SOŇKY HABARLAR
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Özbegistan Respublikasynyň köp milletli halkynyň adyndan we hut öz adymdan ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde bize köpasyrlyk hem-de däp bolan ysnyşykly özbek-türkmen gatnaşykla...
Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär. Şu günler paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ertekileri ýada salýan şäherjige öwrüldi. Owadan bezelen arçadan başga-da, wepaly dost hem-de goragçy alabaý dabaranyň esasy nyşanla...
Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!
Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk. Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbangu...
Hormatly Prezidentimiz heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormat...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramcylyk sowgatlaryny gowşurdy. Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň manat...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Biz uly üstünlikler gazanylan 2017-nji ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy ýokary sepgitlere çykarjak Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýarys. 2018-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça it ýyly. Türkmeniň öý-ojagynyň, mal-garasynyň goragçysy bolan itiň wepadarlygy üçin, halkymyz «It geldi — gut geldi» diý...