SOŇKY HABARLAR
LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...
“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we d...
TÜRKMENISTAN 2019-2020-NJI ÝYL DÖWRI ÜÇIN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ IÇERKI ULAGLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...
SERHETABAT-TURGUNDY TÄZE TÜRKMEN-OWGAN DEMIR ÝOLY BOÝUNÇA OTLYLARYŇ HEREKETI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
MARYDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASY BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...