RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ ARASYNDA KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Rus tarapyna Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  Ýe.S. Iwanow ýolbaşçylyk etdi.    Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň ko...

DOWAMY
pic
17 Apr

ÝHHG TÜRKMENISTANDA GÜNÜŇ ENERGIÝASY BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARY GURNAMAKDA ÝAKYNDAN ÝARDAM ETDI

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurş...

DOWAMY
pic
17 Apr

DUŞENBEDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ (YHG) DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 23-NJI GEŇEŞI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaral...

DOWAMY
pic
16 Apr

YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.  Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mü...

DOWAMY
pic
14 Apr

“BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDA KABUL EDILEN KARARNAMALAR TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
14 Apr

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ IKI KARARNAMANY KABUL ETMEGI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ NOBATDAKY ÝEŇŞIDIR

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagald...

DOWAMY