SOŇKY HABARLAR
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen takyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmeklik işindäki ähmi...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKSMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žanyş Rustanbekow bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2018-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wladimir Meružanowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň m...
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MAÝK-NIŇ ÖŇDEBARYJY NEŞIRLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (MAÝK) dürli jemgyýetleriň integrasiýasy babatynda Lýublýana teklipleri boýunça neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň işine ÝHHG-niň MAÝK-niň wekiliýet agzalary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli institutlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdyla...
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...