RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýun

PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyn...

DOWAMY
pic
5 Iýun

AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylyml...

DOWAMY
pic
5 Iýun

ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorionyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň instituty bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we kult ministrliginiň Milli daşary gulluk institutynyň arasynda diplomatik taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Özara düşünişme...

DOWAMY
pic
4 Iýun

AŞGABATDA TÜRKMENISTANY WE POLŞANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geirildi. Polşanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Papež ýolbaşçylyk etdi. Taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ý...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KUWEÝT DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygy geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti bilen hyzmatdaşlygyň aýgytly ugurlaryny bellemegiň çarç...

DOWAMY
pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda  dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.  Ir bi­len paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň müň­ler­çe­si türk­men paý­tag­ty­nyň aja­ýyp kün­je­gin­de - Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň we Jül­ge kö­çe­si­niň ke­siş­ýän ýe­rin­dä­ki aý­la...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatna...

DOWAMY