RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...

DOWAMY
pic
5 Awg

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.  Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly - täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyndaky eden çykyşy bilen başlanýar. Şeýle hem žurnalda 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 2-nji maýda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylma...

DOWAMY
pic
4 Awg

5-NJI AWGUSTDA AŞGABATDA HALKARA MEDIA FORUMY GEÇIRILER

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň  ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşlar.

DOWAMY
pic
1 Awg

ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....

DOWAMY
pic
31 Iýul

MANAMADA TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň...

DOWAMY
pic
30 Iýul

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi.   Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň gyrgyz bölegine Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri O.M.Pankratow baştutanlyk etdi.   Me...

DOWAMY
pic
30 Iýul

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Žandos Asanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar halkara guramalaryň çä...

DOWAMY