SOŇKY HABARLAR
WATIKANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Apostol Nunsiaturasynyň (Watikanyň) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk geçirildi. Watikan döwleti-şäheri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hakynda gürrüň edip, taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn g...
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADY, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümk...
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СМИ
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Duşenbäniň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny “soňa goýmagy” meýilleşdirýändigi hakyndaky beýan eden sözleri barada Täjik tarapyna özüniň düşünmezligini bildirdi. Täjik diplomatynyň ýokarda görkezilen beýannamasy boýunça Türkmen tarapynyň teswirleme...
“TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYŇ DOWAMY
Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet iş...