RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Okt

INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK NUKDAÝNAZARLARYNA BAGYŞLANAN HALKARA SEMINAR

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Seminaryň işine Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw...

DOWAMY
pic
9 Okt

AŞGABATDA ARAGATNAŞYK WE MAGLUMATLAR BABATDA BILERMENLERIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistan ýurtda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bile...

DOWAMY
pic
9 Okt

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA SEBIT YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ (MASYH) MILLI UTGAŞDYRYJYLARY BILEN GEŇEŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri g...

DOWAMY
pic
9 Okt

MINSK ŞÄHERINDE TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Minsk şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) howandarlygynda "Häzirki zaman elektron maglumaty döwründe terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahat, ÝHHG bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ SEBITDÄKI STRATEGIKI ÄHMIÝETI BARADA OKUW MASLAHATYNY GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwren...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller  çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...

DOWAMY
pic
9 Okt

MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...

DOWAMY