SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETINE WE MÜMKINÇILIKLERINE BAGYŞLANAN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELER GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar. Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň...
TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-MÜSÜR TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI KAIRDE GEÇDI
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kair şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň 11 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, olaryň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu mejlisiň çäklerinde türkmen-müsür işewürler maslahaty hem...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýerine ýetiriji komitetiniň – ýerine ýetiriji sekretarynyň Başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Aleksandrowiç Guminskiýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň GDA-nyň çäginde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdiler...
ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Energetika Hartiýasynyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleri, halkara guramalaryň, şeýle hem iri energetika kompaniýalarynyň, jemgyýetçiligiň hem-de KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda global energetika ugrunda ösüşine, durnukly energetika geljeginiň goldawyna, energetika netijeliligine Energetika Hartiýasynyň ähmiýeti bellenildi,...