RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, wekiliýetiň agzalary duşuşygyň gurnalandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny belläp ge...

DOWAMY
pic
4 Mar

«HAZAR DEŇZI - DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ» ATLY ÝEDINJI OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş edýärler...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ULAG UGRUNYŇ DÖREDILMEGINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA DÖRTTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm böle...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY MEDENI-YNSANPERWER ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemagat diplomatiýasynyň işleri boýunça Baş direktory j-p Hong Seok Iniň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly kuwwaty hakynda aýdyp, taraplar, ilki bilen, bu gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşykla...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Anakara ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.          Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
3 Mar

«HAZAR DEŇZI – DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRMAK» ATLY OKUW KURSYNA GATNAŞYJYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDYLAR

2019-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Halkara Umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassalo we UNESCO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geneşçisi doktor Ýuriý Olýunin bilen duşuşygy geçirildi. Myhmanlar talyplaryň öňünde «Halkara Umman instituty we ummany dolandyrmakdaky potensialyň ösüşi: Hazar deňzi sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlyk»,...

DOWAMY
pic
3 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ WEKILIÝETLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 3-nji martynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan başlyklyk edilýän daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy.  Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, ýokary döwlet derejesinde kemala gel...

DOWAMY