img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA TELEWIDENIÝE WE RADIO ÝAÝLYMLARY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (FGUP WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary A.Zlatopolskiý  bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşly...

DOWAMY
pic
10 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dipl...

DOWAMY
pic
10 Mar

TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...

DOWAMY
pic
10 Mar

PAÝTAGTYMYZYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE ÝURDUMYZYŇ TÜRGENLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 10-njy martynda paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan halkara we milli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan ýurduň türgenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa ýurduň tapaw...

DOWAMY
pic
10 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ BAŞARJAŇ TÜRGENINE BAÝRAKLARY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...

DOWAMY
pic
9 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 16-njy martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň «Zenanlaryň syýasy durmuşa gatnaşmagy» temasy boýunça onlaýn mejlis geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa we adam hukuklary bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa gatnaşdy. Ş.Atajanowa öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň gender syýasaty, zenanlaryň ýurduň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň ähli ugurlar...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...

DOWAMY