SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar öňde boljak «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meselelerine, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasyna garadylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyşynda ýur...
Alžiriň Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw et...
Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda, Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi. Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barmagynda şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine we onuň dowamynda kabul edilen wajyp çözgütlere bagyşlandy. Dialog Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy we “China-Turkme...
Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdil...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiý...
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumyl...
Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esas...