SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” BIRINJI SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hyta...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «KAZANFORUM 2023» FORUMYŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr d...
THE UN GENERAL ASSEMBLY, AT THE INITIATIVE OF TURKMENISTAN, PROCLAIMED NOVEMBER 26 AS THE WORLD SUSTAINABLE TRANSPORT DAY
The United Nations General Assembly, led by Turkmenistan's initiative, has proclaimed November 26 as World Sustainable Transport Day. This significant proclamation stems from the inaugural Global Conference on Sustainable Transport held in Ashgabat on November 26, 2016. The resolution endorsing this day was adopted by the UN General Assembly on May 16, 2023, during the 70th plenary meeting of its 77th session. Presenting the resolution "World Day of Sustainable Transport", the Permanent Re...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM2023" HALKARA YKDYSADY FORUMA GATNAŞÝAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi. Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça...
Ý.BALASAGYN ADYNDAKY GYRGYZ MILLI UNIWERSITETIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 15-njy maýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredowyň Ý.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektory T.Abdyrahmanow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen bu uniwersitetiň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, uniwersitetiň rektoryna Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdi...
RF-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady. Diplo...