SOŇKY HABARLAR
ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «MERKEZI AZIÝA + GERMANIÝA» GÖRNÜŞINDÄKI WEKILIÝETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Resp...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän ýörite neşirler çap edildi. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmenistanyň w...
TÜRKMEN-ISPAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Markos Gomes Martinesiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işini amala aşyrmakda türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslaha...