SOŇKY HABARLAR
Termez dialogy Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşygy ösdürmegiň möhüm meýdançasy hökmünde
2026-njy ýylyň 4–6-njy iýunynda Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Forum Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler we seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merk...
«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netij...
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ul...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýy...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçiri...
Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşinde geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi Nury Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Marat Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar ýaly köp sanly ugurla...
Велопробег, приуроченный к Всемирному дню велосипеда.
31 мая 2026 года Посольство Туркменистана в Кыргызской Республике провело велопробег в парке «Интымак» города Бишкек, приуроченный к Всемирному дню велосипеда. Перед стартом участникам рассказали о значении года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». Было отмечено, что Всемирный день велосипеда широко празднуется в Туркменистане 3 июня под руководством Президента страны, и в этот день традиционно проводится массовый велопробег. Также напомнили, что...