RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we durmuş h...

DOWAMY
pic
15 Ýan

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar

Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan, esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmak bilen, Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýar we bütin Hytaýa wekilçilik edýän Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek...

DOWAMY
pic
13 Ýan

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli ha...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Заявленные Президентом Туркменистана на COP28 национальные позиции опубликованы в качестве документа 78-ой сессии Генассамблеи ООН

Заявление национальной позиции по вопросам изменения климата и экологической безопасности, сделанное Президентом Туркменистана в ходе двадцать восьмой сессии Конференции Сторон Рамочной конвенции Организации Объединенных Наций об изменении климата (COP28) в Дубае 1-2 декабря 2023 года, опубликовано и распространено на шести официальных языках ООН в качестве официального документа 78-ой сессии Генеральной Ассамблеи. С полным текстом документа можно ознакомиться по следующей ссылке https://undo...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak ga...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndü...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýo...

DOWAMY