SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçisi möhüm hökümet mejlisleriniň jemleri boýunça brifing geçirdi
2024-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine we şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri barada brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwle...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki puda...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy. Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...
В МИД Туркменистана состоялись туркмено-российские межмидовские консультации
1 марта 2024 года в Ашхабаде был проведен очередной раунд туркмено-российских политических консультаций c участием Заместителя министра иностранных дел Туркменистана Ахмеда Гурбанова и Заместителя министра иностранных дел Российской Федерации Сергея Вершинина. На встрече состоялся обмен мнениями по широкому спектру вопросов развития двусторонних отношений. В данном контексте констатировалась поступательная динамика дружеских и доверительных отношений между нашими странами, носящих стратегичес...
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn tulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri T.Tekebaýew bilen duşuşdy. Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bar bolan esasy ugurlary, şol sanda halkara we sebit başlangyçlarynyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklik barada meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ýurduň içinde we halkara de...
Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Şu gün, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyn...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...