Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ilçi Martin Brugy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy möhüm orny eýeleýär.
Ýurtlar Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa - Italiýa” formatyndaky birinji sammit munuň aýdyň mysalydyr.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi.
Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistan sebitiň ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ilerledýär.
Medeniýet, bilim, ylym ulgamlary hem türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Hususan-da, arheologiýa we muzeý işi boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.