img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy.

Din Sýuesýan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Hytaýda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu gatnaşyklary ilerletmekde hormatly Arkadagymyzyň goşandyny belledi.

Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, halkara giňişlikde ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler.

Iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň iň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar.  Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.