Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna we Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan sport çärelerini geçirdi.
Çäräniň çäklerinde küşt, şaşka we stoluň üstündäki tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Sport çärelerine Gyrgyz Respublikasynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Bişkekdäki ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň çäginde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň, şeýle hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermei üçin ähli şertleriň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar sportuň meşhurlygyny ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmagyna we olaryň fiziki we ruhy ösüşine ýardam berýän şeýle ýaryşlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.