Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Bişkekde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan tegelek stol maslahatyny gurady.

Çärä Bişkekde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada bellenildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygy barada nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan döwlet saparlaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşanlar 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň özüniň oňyn bitaraplyk, parahatçylygy döretmek ugry arkaly dünýä derejesinde özara düşünişmegi we durnukly ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň tassyknamasy bolup durýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.