«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi.
Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi.
Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesi bilen dabaralandyryldy.
Çärä Türkmenistanyň ygtyýarly wekilleri, Aşgabatda akkreditlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, BMG, ÝHHG, ÝB ýaly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.
Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerini, hususan-da Hazar deňziniň suw hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak barada Ylalaşygy ilerletmekde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw ornuny belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri, halkara düzümler we guramalar, şeýle hem Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlylygy bellenildi.
Maslahatda gidrometeorologiýa, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hem-de ylmy taýdan öwrenmek, şeýle hem ekologiki kadalary we düzgünleri berjaý etmek ýaly ulgamlarda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hasabatlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň dostluk we parahatçylyk deňzidigini bellediler hem-de Hazaryň deňiz gurşawyny durnukly ösdürmek we goramak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýän bilelikdäki işleri dowam etdirmäge çagyrdylar.
Maslahatyň jemleýji bölüminde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.