Türkmenistanyň Prezidentiniň Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu giň möçberli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara jemgyýetçiligiň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bu maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de oňa gatnaşmagynyň öz ýurdy üçin durnukly ösüş ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz üçin Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi oba hojalygynda innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.