Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, bu giň möçberli halkara çäräniň Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman Milli Liderimiziň şu ýylyň aprelinde Gyrgyzystana amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň Premýer-ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyzystany doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Taraplar BMG-niň, GDA-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika arabaglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy logistika hyzmatdaşlygynyň özgerýän şertlerinde netijeli we durnukly ulag ugurlaryny döretmek boýunça Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk strategik ähmiýete eýe bolýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara ýokary baha berýärler. Maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň halklaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga, umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.