Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini, hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, saparyň çäklerinde Hiroýuki Subaý bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň «EKSPO-2025» Bütündünýä sergisine gatnaşandygyny aýdyp, sergide ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň hem-de pawilýonynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Hiroýuki Subaý Prezident Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekip, häzirki wagtda bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişilendigini aýtdy.

Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işi aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýurdumyzda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän işleriniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.