Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelendigini we bu saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iri sport guramasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, onuň bu saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär.

Federasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturasynyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Halkara agyr atletika federasiýasynyň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm ädimdigini, bu düzümiň alyp barýan işiniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga uly itergi berýändigini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin federasiýanyň ýolbaşçysy Mohammed Jaluda tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.