Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Petronas” kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň wekilleri – kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.
Myhmanlar wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler hem-de ony pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň şahsy goşandyna aýratyn üns çekdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Petronas” kompaniýasynyň wekillerini mähirli mübärekläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini we bu döwürde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri kompaniýanyň alyp barýan işi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Ýokary derejede guralýan özara saparlar we duşuşyklar barada aýdyp, Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň ýurdumyza birnäçe gezek sapar bilen gelendiklerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem Malaýziýa döwlet we resmi saparlarynyň guralandygyny belledi.
Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary hem ýokary derejede geçirildi. Bu saparyň netijeleri boýunça 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu bolsa Türkmenistan bilen Malaýziýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, netijeli hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “Petronas” bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde diňe häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Hormatly Arkadagymyz bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli “Petronas” Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz “Petronas” bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak, açyklyk we umumy maksatlar ýörelgeleri esasynda alnyp baryljakdygyna berk ynam bildirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kompaniýa hemmetaraplaýyn ýardamyň beriljekdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini aýdyp, “Petronas” kompaniýasynyň wekillerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.